Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat, şäher, etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat, şäher, etrap bölümleri, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi, Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň sport toplumynda welaýatyň köp çagaly maşgalalarynyň arasynda “Sagdyn maşgala – bagtyýar geljek” ady bilen, sport bäsleşigini geçirdi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlaryň sporta bolan höwesini ýokarlandyrmak hem-de olary köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksadynda geçirilen sport bäsleşigine ýaş aýratynlyklaryna seretmezden, Daşoguz şäherinden, welaýatyň ähli etraplaryndan köp çagaly maşgalalar öz maşgala agzalary bilen, topar bolup gatnaşdylar. Bir tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň emin agzalary oňa gatnaşýan maşgala sport toparlarynyň talabalaýyk egin-eşiklerine, at ýazgylaryna hem-de bäsleşigiň şertleri boýunça ýokary ussatlygyna baha berdiler. Şeýlelik-de, ýokary görkezijileri gazanan maşgala sport toparlary bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, yglan edildiler. Ýeňijilere we işjeň gatnaşan maşgala sport toparlaryna bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.