SAGDYN NESILLER – ATA WATANYMYZYŇ GELJEGIDIR

      Ýaňy-ýakynda şeýle sport şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde, 2-nji sport mekdebinde sport çäresini geçirdi. Sagdyn, berk bedenli ýaşlary, ata Watanymyzyň sportdaky abraýyny göterjek ýaş türgenleri  kemala getirmek, ýaşlaryň sporta we bedenterbiýä bolan höwesini artdymak maksady bilen geçirilen bäsleşige 2-nji sport mekdebiň sportuň adaty karate görnüşi boýunça tälimçisi Babahan Dädebaýewiň elinde tälim alýan ýaş türgenler gatnaşdylar. Guramaçylykly geçen ýaryşda türgenler öz ýaş aýratynlyklaryna görä, adaty karate sportunyň şahsy tutluşyk we kata görnüşi boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny sergilediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar