Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meseleler boýunça hoşallyk maslahaty geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyşyny üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işler, ýurdumyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri, şeýle hem mejlisiň gün tertibinde seredilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler dogrusynda öňde durýan wezipeler babatda täsirli çykyşlar edildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýyl ýerine ýetirilmeli belent maksatly işler boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Ýaşlary jemgyýetiň işjeň bölegine deňeýän Milli Liderimiziň bu taryhy mejlisde ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuknamalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigi, şeýle hem ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegiň zerurdygy barada belläp geçmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Munuň özi Watana wepaly, ilhalar, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, zähmetsöýer nesilleriň kemala gelmeginde döredilýän mümkinçiliklerdir.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.