TALYP GYZLAR BÄSLEŞDILER

      Ýurdumyzda mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulyp, olar durmuşyň ähli ýeňillikleri bilen gurşalyp alynýar. Şeýle hem olaryň döredijilik başlangyçlaryny ýokarlandyrmak, el işlerine höwesi artdyrmak ugrunda hem dürli döredijilik bäsleşikler we çäreler geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýurdumyzyň ýokary orta mekdeplerinde okaýan talyp gyzlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» bäsleşigidir. Bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşjak zehinli gyzlary saýlap almak maksady bilen biz hem ýakynda welaýatymyzda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2024» bäsleşigini geçirdik.

      Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygy açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşigiň dowamynda bäsdeş gyzlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem olar halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, el işlerine ussatlygyny öz başarnyklarynyň üsti bilen beýan etdiler. Talyp gyzlaryň aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň, bagtyýar zamanamyzyň, milliligimiziň waspy belentden ýaňlandy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň takyk bilimleri fakultetiniň IV ýyl talyby Sahra Rozymyradowa birinji orny eýeledi. Ýeňijileri TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylagladyk.

 

Gülşat ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR