Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hem-de Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabadyň dokma toplumynyň kiçi mejlisler jaýynda şol toplumda zähmet çekýän ýaş zenanlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiz, gelin-gyzlara mahsus bolan ajaýyp häsiýetler, edep-terbiýe barada çykyş etdiler hem-de Dokma senagatynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridigini, döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudak depginli ösüp, Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagyna we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine köp möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Dokma toplumynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna köp sagbolsun aýdyp, tutanýerli zähmetleri bilen pudagyň barha ilerlemegi üçin goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Bilbil ANNAGURBANOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.












