Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalary köp adamly boldy. Çünki bu ýerde Arkadag şäheriniň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň onlarçasy gatnaşdylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan meseleleri wagyz etmek, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly: beýik başlangyçlar bilen döwletli tutumlar rowaçlanýar» diýlip atlandyryldy.
Söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda örän uly syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Mejlisi, onuň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýyl ýerine ýetirilmeli belent maksatly işler boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Mejlisiň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde durýan wezipeleri dogrusyndaky buýsançly söhbetler edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.