SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

        Ýakynda şeýle at bilen Änew şäherindäki sport mekdebinde köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen maşgala sport bäsleşigini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, welaýat häkimligi, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen maşgalasynyň beden taýdan sagdynlygyny we bitewüligini gazanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp geçirilen bäsleşige welaýatyň etraplaryndan bagtyýar maşgalalar topar bolup gatnaşmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini aýan etdiler.

        Maşgala sport bäsleşiginiň netijesinde Gökdepe, Ak bugdaý, Babadaýhan etraplaryndan gelen maşgalalar degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hasapçysy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA