EÝJEJIKLER BÄSLEŞDILER

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň binasynda geçirilen bu bäsleşik zehinli, şadyýan, eli çeper gyzlaryň başarnyklaryny artdyrmaga ýene bir mümkinçilik boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagyny, şadyýan sagdyn ösmegini, döwrebap bilim-terbiýe almagyny, hünär öwrenmeklerini, geljekde ilimize, ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakda hem giň mümkinçilik açýar. Şeýle-de körpeleriň şadyýan çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

      Bäsleşik üç şert boýunça geçirilip, onuň dowamynda bäsdeş gyzjagazlar eziz Watanymyzy bagtyýar çagalygy dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bäsleşigiň şertlerine laýyklykda eýjejikler milli nagyşlar bilen bezelen egin-eşikleri geýip, ony şahyrana sözleri bilen wasp etdiler. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän el işlerini görnüşlerini ýerine ýetirmekde hem öz ussatlyklary görkezdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Saýat etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Bägül Gurbanowa I orna, Saýat etrabynyň 48-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýşat Hudaýberdiýewa II orna, Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýläle Hojanepesowa III orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşan ähli okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI