PYRAGY HEM ARKADAG – DÖWÜRLERE ŞAMÇYRAG

      Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi TAP-nyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde, “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de türkmen halkynyň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Onda TAP-nyň welaýat komitetiniň başlygy Akmyrat Mämedow, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Ýolly Güýjow, “Daşoguz habarlary” welaýat gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Döwletnazar Işangulyýew hem-de Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň mugallymy Ýazbibi Mämmedowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň aýratyndygy, şahyryň pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen, ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getirendigi, akyldaryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewleriň çuň mazmunlylygy we köpdürliligi babatda tapawutlanýandygy barada giňişleýin we buýsanç bilen belläp geçdiler.

 

 

Allanur AMANNAZAROW,

“Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň esasy hünärmeni,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar