SAHNADA — AK BUGDAÝLY ŞADYÝAN GYZJAGAZLAR

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň 2—4-nji synp okuwçy gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» ady bilen yglan eden şadyýan bäsleşigiň Ak bugdaý etrap tapgyry Gämi oba medeniýet öýünde guramaçylykly geçirildi. Etrabyň orta mekdeplerinden gelen enaýyja, şadyýan okuwçy gyzjagazlar baýramçylyk öwüşgininde bezelen sahnada bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş etmek bilen, eziz Watanymyza bolan söýgüsini, ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy şirin owazly aýdym-sazlarynda wasp etdiler, şeýle-de türkmen milli lybaslaryny mahabatlandyrmakda, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler.

      TMÝG-niň Ak bugdaý etrap Geňeşi bilen etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda ýokary ruhubelentlikde geçen bäsleşigiň netijesinde etrabyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýli Döwletýazowa birinji, 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Altynaý Döwletmyradowa ikinji, 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýjahan Orazgeldiýewa hem-de 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Hojaberdiýewa degişlilikde üçünji orunlara mynasyp bolup, Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Bäsleşikde baýrakly birinji we ikinji orunlara mynasyp bolan gyzjagazlar welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Mart 2025 | 11 okalan

SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

04 Mart 2025 | 15 okalan

EÝJEJIK GYZLAR BÄSLEŞDI