«ZEMINIŇ ZYNATY TÜRKMEN GYZLARY» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

      Ýaňy-ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uludan bellenilip geçilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilelikde paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň 9 – 11-nji synplarynda bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Zeminiň zynaty türkmen gyzlary!» atly şadyýan bäsleşiginiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda uly şowhun bilen ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 9-njy “B” synp okuwçysy Maksadowa Ogulgerek birinji, Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiň 9-njy “A” synp okuwçysy Garajaýewa Ogulmeňli ikinji orunlara mynasyp bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar şeýle hem, bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmak üçin hukuk gazandylar.

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 110 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 81 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI