WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

       Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen «Ýaramaz endikleriň garşysyna milli ruh bilen!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemekde şeýle hem, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekde alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly beýan etdiler. «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem akyldar şahyrymyzyň döredijiliginden ugur alyp, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri, ata Watanymyza özleriniň halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşmaklary hakynda hem nygtaldy.

       Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaşlara döredilýän mümkinçilikler üçin alkyşlar bolsa, her bir duşuşyga gatnaşanlaryň ýürek senasy boldy.

 

Begenç MERETGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň hojalyk işleri boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 109 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 80 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI