Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 2-4-nji synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň Büzmeýin etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň 143-nji orta mekdebinde geçirildi. Onda gyzjagazlar ähli şertler boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde çykyş eden gyzjagazlara eminler tarapyndan baha berlip, I orna Aşgabat şäheriniň 147-nji orta mekdebiniň 2-nji “B” synp okuwçysy Çaryýewa Aýlar, II orna Aşgabat şäheriniň 102-nji orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Mergenowa Gülälek dagylar mynasyp boldy şeýle hem, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary bilen sylaglanyp, Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmagyna hukuk gazandylar.
Humaý ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












