Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil ylym-bilim almagy, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak döwlet syýasatymyzda aýratyn ähmiýet berilýän ugur bolmagynda galýar. Çünki «Bilim bilen ylym — altyndan gymmat» diýýän ata-babalarymyzyň ýörelgelerine eýerilýän jemgyýetimizde bilimler dünýäsine giň ýollar açylýar. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça bellenilen anyk çäreler esasynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ylym-bilim ulgamyna döwrebap maglumat tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, bilim berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde, dünýäniň ösen bilimlerinden baş çykarýan, başarjaň ýaşlaryň kemala gelmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň gerimli mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen ýaşlary halkara internet, taslama, ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle ýokary görkezijilerde, beýik ýeňişlerde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekdäki möhüm ädimleriň hem orny uludyr.
Häzirki wagtda durmuşymyza internet hyzmatlarynyň, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde biz öz mobil telefonlarymyzyň, kompýuterlerimiziň üsti bilen iň täze ylmy maglumatlary öwrenip, ähli ulgamlar boýunça çeşmelerden peýdalanyp bileris. Bu döwrebap mümkinçilikler şol bir wagtyň özünde ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň çuňlaşmagyna, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine, dürli ylymlardan baş alyp çykmagyna giň şertleri döredýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglar ýaşlaryň hyzmatyna berilýär. Bu bolsa olaryň bilim almakda ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga, ylymlar dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşmaklaryna giň ýollary açýar. Ýaşlaryň internet tory arkaly döredilen elektron kitaphanalardan, maglumat portallaryndan peýdalanmaklary, okuw sapaklarynyň interaktiw usulynda alnyp barylmagy, ýaşlaryň dünýäniň ösen döwletleri bilen onlaýn we teleköpri arkaly okuw sapaklaryna, halkara olimpiýadalaryna gatnaşmaklara mümkinçilikleriň döredilmegi olara tejribe toplamaklaryna giň şertleri açýar. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň we milli ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna hem giň ähmiýet berilýär.
Ynha, biziň Lebap welaýatymyzda hem dünýäniň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bilim we terbiýeçilik edaralary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu beýik özgertmeler bagtyýar zamanamyzda bilimli, ylymly ýaşlaryň kemala gelip, geljekde Watanymyzyň dürli ugurlar boýunça ösdürjek hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynamy artdyrýar. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, bilimler dünýäsinden öz paýyny almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.
Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.