«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

       Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde TMÝG-niň Gökdepe hem-de Bäherden etrap Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň türkmen jemgyýetiň ruhy dünýäsini has-da belende götermekdäki ähmiýeti, bu şanly ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden belleniljekdigi, munuň özi şirin dili söz ussadynyň döredijilik mirasyny, watançylyk hem-de öwüt-nesihat mazmunly şygyrlaryny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdylanlar çykyşlaryň özenini düzdi. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Bezirgen BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden

etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA