ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ KUWWATLY GELJEGI

       2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Biz hem ýurdumyzda amala aşyrylýan il bähbitli işlere işjeň gatnaşmaga, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge öz mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda aladalanýarys. Şu günler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giňden wagyz etmekde we ýaşlary şol ruhda terbiýelemekde Köýtendag etrabynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylaryň arasynda yzygiderli geçirýän wagyz-nesihat çärelerimiziň hem ähmiýeti uludyr.

 

       Şeýle çärelerde il sylagly ýaşulularyň, etrabyň bilim bölüminiň hünärmenleriniň, etrap polisiýa bölüminiň işgärleriniň, halypa mugallymlaryň çykyşlaryna giň orun berilýär. Çykyşlarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti we gymmaty dogrusynda wagyz edilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan bölekler we Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary okalýar. Täsirli çykyşlar ýaşlary okamaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

       Duşuşyga gatnaşyjylar Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.

 

Tursuntaş IRGAŞOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA