Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeniýeti, sungaty ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynyň 3 – 8-i aralygynda talyp ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk Halkara matematika olimpiadasy geçirildi we bu olimpiada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem gatnaşdylar. Şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň, amaly-haşam sungaty fakultetiniň, eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide, esasan Watanymyzyň, tebigatymyzyň gözelligini, bahar öwüşginlerini wasp edýän ajaýyp eserler görkezildi. «Nakgaşçylyk» we «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uçurymlarynyň Aýjahan Karaşowanyň «El hünäri», Merjen Agaýewanyň «Halyçy gelin», Ruslan Abdullaýewiň «Türkmeniň ak öýi» ýaly taslama eserleri tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny artdyrdy.
Güljahan Garaýewanyň «Berkarar döwlet islärin» atly işinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine çuňňur aralaşyp, onuň okyjylara aýtmak isleýän pikir-düşünjeleri suratlandyrylan. Taslamanyň merkezi böleginde şahyryň uzaboýuna şekillendirilen eli kagyzly keşbi paýhas ummanynyň çuňňur giňişligine gaplanypdyr. Olaryň arkasynda ýokary depginde çapyp gelýän üç sany bedew atyň ýyndam şekili, yzky meýilnamada bolsa, uzakda dogýan güne uly umyt bilen seredip duran ýaşulularyň sudury ýerleşdirilipdir. Tutuş dünýä nur çaýýan Günüň ýaldyrap duran mylaýym şekili – «ajap eýýamyň», bagtyýarlygyň, ýagty geljegiň nyşanydyr. Eserdäki ähli gahrymanlaryň çäksiz umyt bilen Güne seredip duran keşbi olaryň ajap eýýamyň gelmegine uly umyt baglaýandyklaryny aňladýar.
Çeperçilik akademiýasynyň talyplaryň «Beýik ýüpek ýoly» atly toparlaýyn eserinde merkezde düýeler ürgün çägäniň üstünden ýöräp barýar. Eserde şol taryhy döwrüň öňe çykarýan meselesi bolan kerwenleriň yzyny üzmän gelýän söwdagärleriň, düýeleriň ahalteke atynyň keşpleri örän ussatlyk bilen janlandyrylýar. Eseriň çägelik hökmünde görkezilen bölegi has hem täsirliligi, janlylygy ýüze çykarmaga ýardam edýär. Düýeleriň bezeg önümlerindäki nagyşlar, öňde görkezilen atlynyň horjunyndaky nagyşlar, atlaryň zergärçilik bezeg şaý-sepleri, düýeleriň boýnundaky jaňlar we gahrymanlaryň milli lybaslary – bularyň ählisi türkmen milli däp-dessurlaryndan oňat baş çykarýandygyndan habar berýär.
Merjen Agaýewanyň «Halyçy gelin» atly eserinde gelniň haly dokap oturan pursadyny şekillendiripdir. Bu eseri synlanyňda şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Halyçy gelne» goşgusynyň:
Seniň käriň kyndygyna sözüm ýok,
Belki, her çitimiň ajap bir şygyr.
Ýöne welin, maňa düşnüksiz bir zat,
Kämilleşdigiňçe, sen üçin aňsat,
Kämilleşdigimçe, meň üçin agyr
– diýen setirlerinde ser salaňda gelniň haly dokap oturan pursadyny görmek bolýar. Heýkeltaraş eseri juda gowy şekillendiripdir. Halyçy zenanlar täsin dünýägaraýyş astynda milli senedimizi sabyr-takatlylyk, başarjaňlyk, zähmetsöýerlik, ýokary ussatlyk bilen gaýtalanmajak sungat eserlerini döredijiler hasaplanylýar.
Türkmen şekillendiriş sungaty häzirki wagtda hem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýär we geljekki ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep bolup durýar. Olaryň döreden eserleri hemişelik halkyň aňynda galýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän şeýle çeperçilik sergileri ýurdumyzda ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň nyşanydyr.
Şirin ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.