Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 23-si gatnaşdy.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdymdyr goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen açyp görkezdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, talyp gözeller bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.
Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, talyp gözeller bäsleşigiň bu şertinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Çekeleşikli hem-de gyzykly geçen bäsleşiginiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa baş baýraga mynasyp bolmagy başardy. Şeýle hem, gözellik bäsleşiginde Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Aýgül Atdyýewa birinji orun, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýgül Allanowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa ikinji orna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunça Jumageldiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnäzik Myşşyýewa hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Ernepesowa dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara guramaçylar tarapyndan Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Serdar GURBANMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.