Türkmen tebigatynyň täsinliklerini söz bilen beýan ederden kän. Her paslyň öz owadanlygy, aýratynlygy bolşy ýaly bahar pasly hem ýaşyl begrese bürenýär, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär, parç bolan gülälekler, terje otlar kalbyňy joşdurýar, saýrak guşlaryň ýakymly owazy hem ruhuňy göterýär. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Bahar paslynda suratçy suratyn çekse, şahyr goşgusyn goşýar, bagşylar owazyn joşýar. Şonuň üçin hem bahar pasly pasyllaryň soltany hasaplanylýar.
Megerem bahar gözelligini wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek, olardan biri hem şahyr Geldi Bäşiýewdir. Onuň aýdyma siňen goşgularyny diňläniňde, hyýalyňda göýä daglara seýil eden ýaly bolup, dynç alýaň, göz öňüňde türkmen tebigatynyň gözellikleri janlanýar. Gül-gülälekli, owlak-guzuly baýyrlara gezelenç edesiň gelýär. Neneň onsoň:
Bahar gelse gül açylar baglarda,
Gül yşgynda şeýda bilbil saz eýlär.
Mergenler mesgeni goja daglarda,
Saba ýeli öser, ösmez, näz eýlär.
— diýip hiňlenmejek?
Şahyr: «Ýer görküni ynsan bezär, uz eýlär»
— diýip, zemin gözelliginiň goragyny okyjylaryna ynanýar.
Bahar gelse baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Ol taryh gatlaryna tebigat gözelliklerinden ruhlanan raýatlarymyzyň ýagşy amallary, birek-birege bolan söýgüsi bahar bägülleri bilen ýazylýar. Baharyň gelmegi bilen giň ýazylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrar.
Goý bahar pasly özüniň mylaýymlygy, hoştaplygy bilen sowulmaz ýazlary getirsin!
Ýurdumyzyň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatlardan ileri tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.