Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşaýan halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda abadançylygyň we bolçulygyň hözirini görüp asuda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär we ynamly gurýar. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler has-da guwandyryjydyr. Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň ynamly ösýän, günsaýyn kuwwatlanýan we gözelleşýän döwletleriniň sanawyna ymykly goşuldy. Gazanylýan bu taryhy ýeňişlerde, şöhratly üstünliklerde ýurdumyzda jemgyýetimize peýdaly zähmet bilen meşgullanýan her bir raýatyň, şol sanda zenanlaryň hem mynasyp zähmet goşantlarynyň bardygy aýratyn guwandyryjydyr. Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna – syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar.
2024-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda amaly-haşam sungaty fakultetiniň zehinli talyplary Sähragül Peşşiýewanyň, Enejan Omarowanyň we Nurana Abaýewanyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” atly şygryndan ugur alyp, “Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň” ýaly goşgy setirlerine bagyşlanan döredijilik sergisi gurnaldy. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda açylan bu sergi talyp gelin-gyzlarymyzyň haly we gobelen eserlerini görkezýär. Sergide sungat ojagymyzyň 6-njy ýyl talyby Enejan Omarowanyň “Rowaç” atly eserinde sähraly meýdanda ylgap ýören taýçanak tebigat bilen utgaşdyrylyp, täsirli ýerine ýetirilipdir. Gobelende asudalygyň nyşany bolan kepderiler bolsa taýçanagyň hereketi bilen kybap gelýär. Şunuň ýaly, ýene-de ajaýyp eserleriň biri-de Sähragül Peşşiýewanyň “Bahar buşlukçysy” atly eseridir. Bu gobelende gözel tebigat, ýagny, mawy asmanyň astyndaky parahat zemin şekillendirilýär. Eseri synlanyňda pasyllaryň soltany bolan baharyň howasy duýulýar. Giň maýsaly meýdan al-elwan güller bilen, tozgalar bilen bezelipdir. Gobelene tomaşa edeniňde şähdiňi açýan duýgy döreýär, erkanalyk, asudalyk ýaly duýgular gaplap alýar. Eser ýerine ýetirilişi boýunça-da özboluşlydyr. Gobelençi zenan taslamany bir-biriniň üsdünde duran iki eser ýaly öňe çykarýar. Öňdäki planda tozgalary edil janly ýaly 3D formasynda gobeleniň ýüzüne çykarýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan-da beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan MUHAMMETMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby.