Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öz kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillikler bilen gurşap aldy. Munuň özi ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdan, ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmeleri ylmy-tehniki hem-de intellektual taýdan goldamakdan, ylmy we innowasiýa işlerini has netijeli guramakdan ybaratdyr. Toplumlaýyn alnyp barylýan işler ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga şert döredýär. Şonuň bilen birlikde, içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, döwrebap tehnologiýaly pudaklarda sanly ulgam bilen baglanşykly täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.
Ählumumy ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçin döwrebap işler toplumlaýyn ýola goýulýar. Eziz Diýarymyzda döwrebap ösýän milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça sanly ulgamyň mümkinçilikleri belent sepgitlere ýetmek üçin möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň giňişleýin peýdalanylýan döwründe sanly ykdysadyýet hem-de maglumat jemgyýeti birleşip, täze durmuş-ykdysady ulgamyny emele getirýär.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Daşary ýurtlar tarapyndan öndürilen öýjükli telefonlary elimize alyp, onuň mümkinçiliklerinden uly höwes bilen peýdalanyp başlanymyz ýaňy ýalydy. Ynha bu günki günde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň öndürmeginde elektron tehnologiýalaryň birnäçe görnüşi ýurdumyzda öndürilýär. Sanly ulgam bu el güýji bilen edilýän işleri kompýuterlerdir beýleki enjamlaryň, tehnologiýalaryň düwmelerine basmak arkaly amala aşyrmak, bir tarapdan, işiň birkemsiz ýerine ýetirilmegine kömek edýär. Ikinji bir tarapdan bolsa, işiň aňsat usulda ýerine ýetirilmegi, bir ýerde zähmet çekýän adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem özara düşünişmek arkaly dowam etmegine mümkinçilik döredýär. Netijede, adamyň öz ruhy dünýäsine serenjam berip, daş-töweregindäki adamlar bilen ýakymly gatnaşykda bolmagyna esas döreýär. Bu bolsa sanlylaşdyrmak usulynyň diňe bir pudagy ýada haýsydyr bir edarany däl, eýsem, jemgyýeti hem kämilleşdirýändiginden aýdyň alamatdyr.
Bilşimiz ýaly, ylym-bilim pudagy ýurduň süňňi-sütüni, ýaşlaryň aň-derejesiniň ölçegi bolup durýar. Indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda birinji synpa barýan körpejelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler uly dabara bilen gowşurylýar. Hemme zadyň başlangyçdan kemal tapýandygyny danalar belläp geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bilim edaralaryndan daşary ýurt internet olimpiadalarynda ýaşlarymyz üstünlikli çykyş edip, altyndyr kümüş medallara eýe bolýan okuwçylar barha artýar. Bu buýsandyryjy waka şol çagalaryň ak mekdebe baran günleri hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlyk kompýuterleriň gowşurylan pursadyndan gözbaş alyp gaýdýar. Elbetde ganaty berk biten guşuň belentlikleri nazarlaýşy ýaly, şat çagalaryň hem ümzükleri diňe öňe tarap uzaýar. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak babatdaky amala aşyrylýan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli işler ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerine uly itergi berýär. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygider ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň bölüm müdiri.