Şu gün “Watan” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Jemleýji tapgyrda eýjejik gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, birinji şertiň mazmunyny eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar düzdi. Ikinji şerti milli egin-eşikleri geýnen, şaý-sepleri dakynan gyzjagazlar olary şahyrana sözler bilen wasp edip ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa olar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşip, alaja, jorap ördüler, keşde etdiler, haly çitimlerini çitip görkezdiler.
Eminler topary eýjejik gyzjagazlaryň her bir çykyşyna mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Netijede, baş baýraga Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa mynasyp boldy.
Şeýle hem, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýmelek Gylyçmyradowa birinji, Aşgabat şäheriniň 147-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýlar Çaryýewa ikinji hem-de Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşiginiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.