ÝAŞLAR IŞJEŇ GATNAŞDYLAR

      Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly häsiýet Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

      Bu özboluşly ekologik çäre Arkadag şäheriniň dag etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde hem uly dabara beslenip geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň zähmetkeşleriniň we ýaşaýjylaryny hatarynda orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar.

      "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Pyragynyň goşgy setirlerinde beýan edýän “Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar” diýen jümlesine laýyklykda alnyp barylan bu işler ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, arassa, sagdyn daşky gurşawy kemala getirmekde ähmiýetli çäreleriň biri boldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY