SAGDYN DURMUŞ – ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

      Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle-de, olaryň boş wagtlaryny many-mazmunly, şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde talyp ýaşlar sportuň küşt, şaşka, düzzüm hem-de stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikler gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

      Netije-de, küşt boýunça Jennet Hojamowa, şaşka boýunça Annabeg Aşyrowa, düzzüm boýunça Akbäbek Öwezowa, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Altynaý Mämiýewa dagylar öňe saýlandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine onuň guramaçysy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Şirin HAÝTJANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar