BAGY-BOSSANLY DIÝAR

      16-njy martdaMilli bahar baýramynyň öňüsyrasynda güneşli ülkämiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyna eýerip, saýaly, miweli, pürli bag nahallaryny ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar.

      Etrabymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Görogly etrabynyň 2-nji sport desgasynyň ýanaşyk ýerinde geçirildi. Bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýaş  nesillerde zähmete söýgüni terbiýelemek babatda ähmiýeti örän uludyr. Döwletimizde agaç oturtmak, bag döretmek sogaply iş hasaplanylýar.

      Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

      Ol ýerde etrabymyzyň sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary ählihalk çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

      Şeýlelikde, etrabymyzyň merkezinde geçirilen bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlige beslenip, türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini, tebigata bolan söýgüsini alamatlandyrdy.

      Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giňden goldaw bermekleri bilen, güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek ýaly ajaýyp däbe pugta eýerýärler.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar