GÜNEŞLI DIÝARYMYZ GÜL-GÜLZARLYGA BESLENÝÄR

       Gözbaşynda Gahryman Arkadagymyz duran bagtyýar zamanasynyň her bir güni şanly wakalar bilen utgaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýagşy arzuw-umytlar bilen bosagadan ätlän mukaddes Oraza aýynyň ilkinji günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň Lebap welaýatymyza sapar bilen gelmegi we Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň täze desgasyny açyp ulanmaga bermegi, şeýle hem Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ulanylyşa berilmegi we täze ýeňil we ýolagçy awtoulaglarynyň welaýatymyzyň ilatyna sowgat edilmegi, Dänew etrabynda «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy welaýatymyzyň agzybir ilatynyň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny has hem artdyrdy. Şatlyk-şagalaňa beslenen şeýle çäreleriň yzyny agzybir ildeşlerimiz bilen ýene-de döwletli iş bilen dowam etdirdiler. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly biziň welaýatymyzda hem hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýyl ýurdumyzda asylly däbe öwrülen ýazky bag ekişlik çäresi geçirildi.

       Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu döwletli işe welaýatymyzda Çärjew etrabynyň täze gurulýan şäherçesiniň golaýynda badalga berildi. Bagtyýar ildeşlerimiz şol gün bu ýerde 10 gektar meýdanda dürli daragtlaryň 4000 düýbüni oturtdylar. Welaýat boýunça bu däbi berjaý etmäge başlangyç berlen giň meýdanda sähel salymyň içinde ýene-de bir gök guşagy emele getirdi. Şol gün welaýatymyzyň oba-şäherlerinde hem daragtlary ekmek, öňden barlaryna ideg etmek işleri, ýowarlar geçirildi. Gadymy Lebap topragynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky sargytlaryna laýyklykda ýene-de täze baglaryň uly topary döreýär. Ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermekleri bilen mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek ýaly ajaýyp däbe pugta eýerýärler.

       Bahar paslynyň şeýle ajaýyp günlerinde bizi gurşap alan tebigatymyzy goramak ugrunda edilýän şeýle aladalar ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ugrundaky aladadan nyşandyr. Bilşimiz ýaly ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda täsin gözel tebigatymyzy goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berilýär.

       Agaç ekmek işiniň hem-de şu maksat bilen ählihalk ýowarynyň yzygiderli geçirilmegi netijesinde eziz Watanymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy–bossanlyga öwürmek boýunça başlangyçlary watandaşlarymyzyň esasan hem biz ýaşlaryň giň goldawyna eýe bolýar. Ýurdumyzda dürli miweli we saýaly agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Bag ekmek işlerine köpçülik bolup gatnaşylmagy bolsa, tebigata bolan söýgini nesilden-nesle geçirmek ýaly ýagşy işleriň üsti bilen ýaşlary terbiýelemäge uly täsir edýär, il-günüň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýar.

       Biz — bagtyýar ýaşlar geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan ýörelgelerine eýerip, bu işlere öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyzyň her bir günini täze ýeňişlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we her bir işde bize nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. 

 

Durdy MAMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR