«KÖŇÜLLERI BIRLEŞDIRÝÄN SUNGAT» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat»
atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik zehinleriniň doly açylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

     Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, düşünjelerimizi baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, ruhy-ahlak taýdan kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we ýetişdirmekden ybaratdyr.

 

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

     — Ýaş terjimeçi dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany (9-10 sahypadan az bolmadyk möçberde) türkmen diline terjime edip, 2024-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

     — Terjime etmek üçin saýlanylýan eserleriň many-mazmunynyň türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmegi hökmanydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar» diýen çuňňur manyly sözlerinden ugur alynmagy maksadalaýykdyr.

     — Öň terjime edilen (metbugatda çap edilen ýa-da kitap görnüşinde neşir edilen) eserleriň terjimesi kabul edilmeýär.

     — Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.

     — Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär, şeýle hem has tapawutly terjime edilen eserler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.

     — Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

 

     Habarlaşmak üçin,

     «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy,

     telefon belgileri: 39-96-09, 39-96-16, 39-96-19.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 617 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4816 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY