Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz Milli Bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Şamekan” myhmanhanasynda geçirildi. «Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda aýdymdyr gazallar ýerine ýetirilip, olarda bahar paslynyň gözelligi giň beýanyny tapdy. Şeýle hem, el işlerini ýerine ýetirýän gelin-gyzlarymyz bugdaý däneleriniň şinelendirilşi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Soňra dabara gatnaşanlar, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.