Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz toý-baýramlaryň ýygydan geçýän mekanyna öwrüldi. Bedew bady bilen günbe-günden ösýän, özgerýän Watanymyzda bellenilýän şanly seneler taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ine, şeýle ajaýyp baýramlaryň biri hem ynsanyýeti agzybirlige çagyrýan Milli bahar baýramy – Haklara Nowruz günüdir. Bu baýram ýurdumyzda her ýyl uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Nowruzyň şanyna dürli baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi, döredijilik sergileriniň guralmagy bolsa, baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.
Gün senenamasynda bu baýram Täze ýyl baýramy hökmünde meşhurdyr. Çünki, «Nowruz» pars dilinden terjime edilende «täze gün» diýmegi aňladýar we ol gije-bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Şol sebäpli bu baýramy bellemegiň däpleri hem täzeleniş bilen baglanyşykly. Nowruz baýramy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlaryna hem giňden bellenilýär. Goňşy döwletlerimiz Özbegistanda, Owganystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Azarbeýjanda we beýleki doganlyk ýurtlarymyzda bu baýramyň belleniliş däplerinde türkmen halkynyňky bilen meňzeşlikler bar. Ýagny, beýleki ýurtlarda Nowruzda maşgala agzalarynyň bir saçakda ýygnanmagy, birek-birege baýramçylyk gutlaglarynyň aýdylmagy, myhmançylyga gitmek, ýaýlada toý tutmak ýaly däpleriň biziň ýurdumyzda hem ýerine ýetirilmegi bu senäniň halkary birleşdirýän, olary bir supra çagyrýan halkara baýramdygyny aýdyň beýan edýär.
Nowruz baýramy gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem uly ruhubelentlikde bellenilýär. Welaýatyň dürli künjeklerinde gurlan ak öýlerde tutulan toýlar, baýramçylyk çäreleri Nowruzyň şowhunyny has-da artdyrdy. Täzelenişiň baýramy bolan Nowruz ähli ynsanyň kalbyny joşa getirdi.
Ýurdymyzyň her gününi toýdur baýrama besleýän, biz ýaşlara yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Nurýagdy NAZARGYLYJOW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
88-nji orta mekdebiniň mugallymy.