ÄNEW ŞÄHERI — GADYMY ŞÄHER

     Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde dabaraly söhbetdeşlik geçirilip, oňa ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşdy.

     Änew şäheriniň 2024-nji   ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan söhbetdeşlikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, ykdysadyýetiň, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitler barada gürrüň edilip, ýene-de sanlyja günlerden Änew şäherinde badalga beriljek çäreleriň şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirjekdigi dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Änew medeniýeti, bu gadymy şäheriň taryhy we şu güni hakda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar Milli «Ak bugdaý» muzeýine hem aýlanyp gördüler, ondaky gymmatlyklar we maglumatlar  bilen tanyşdylar. Bu bolsa, şol günki çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Oňa gatnaşanlar buýsançly taryhymyzy öwrenmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Güljemal ATDAÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.

Öňki makala

NOWRUZ GELDI, ILIME!

Indiki makala

ÖKDELER ÜSTÜN ÇYKDY

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA