ÖKDELER ÜSTÜN ÇYKDY

     Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ýylyň şygaryndan ruhlanyp, «Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr» ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň ýaş türgenleriniň arasynda sportuň küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.

     Ýaryşlar turuwbaşdan gyzykly geçip, ýaşlaryň oňa ykjam taýýarlyklar bilen gelendiklerini subut etdi. Onuň netijesinde küşt boýunça etrabyň 30-njy orta mekdebiniň okuwçylary birinji orny, 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orny, 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary bolsa üçünji orny eýelediler. Stol tennisi boýunça etrabyň 27-nji orta mekdebiniň ýaş türgenleri birinji orny, 28-nji orta mekdebiniň türgenleri ikinji orny, 2-nji orta mekdebiniň türgenleri bolsa üçünji orny eýelediler.

     Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA