ŞATLYGYMYZY GOŞALANDYRAN HOŞ HABAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir günümiz taryhy wakalara ulaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda  sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda  Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasynyň  78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly  Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hakdaky şatlykly habaryň aýdylmagy ulus-ilimizi buýsandyran şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy.

     Bu gün Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen alyp barýan ysnyşykly gatnaşyklary barha işjeňleşýär. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, onuň durnukly ösüşiniň maksatnamalaýyn wezipelerini çözmäge gönükdirilen çemeleşmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ugry we bu ugurdaky halkara başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegini şertlendirýär. Şu şatlykly günlerde Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň nobatdaky plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýandygynyň, giňden ykrar edilýändiginiň dabaralanmasyna öwrüldi.

     Biz — TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgärleri bolup, bu ajaýyp wakanyň taryhy ähmiýetini etrabymyzyň ýaşlaryna düşündirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ajaýyp başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýaň salýan beýik tutumly işlerini wagyz-nesihat etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.

     Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamzadyň abadan we asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary  edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY