YLMYŇ KÄMILLIGI DÖWLETIMIZIŇ BERK BINÝADY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek Gahryman Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda barha ösdürilýär. Türkmenistan Watanymyzy dünýä ösüşleriniň täze belentliklerine ýetirmek, ylym ulgamyny ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk getirmek, alymlaryň ylmy täzeliklerini hem-de oýlap tapmalaryny önümçilige ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak – bu günki gün Gahryman Prezidentimiziň baş maksady bolup durýar.

       Häzirki wagta çenli ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy maksatlar we wezipeler, şeýle hem onuň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi, ylym we ýokary tehnologiýalar boýunça iri halkara guramalary we ylym merkezleri bilen uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygyna itergi berildi. Ýurdumyzda döwletiň ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýän ýokary döwlet edarasy – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işjeň hereket etmegi ylmy-tehniki kuwwaty pugtalandyrmaga, ukyply ýaşlary ylmy işlere çekmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

       Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym ulgamynyň geljegine aýratyn üns bermek bilen, Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesine barýan ýoluň ugrunda ylym ulgamynyň wekilleri üçin kaşaň binany – Tehnologiýalar merkezini sowgat berdi. Bu ýörite toplumda ylmy-barlag edaralarynyň we okuw mekdepleriniň senagat desgalary, işewürlik merkezleri, sergi guralýan meýdançalar hem-de beýleki desgalar jemlenýär, bular ylmyň ösüşini höweslendirip, innowasion tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. Bu ýerde has soňky ylmy we inženerçilik oý-pikirler jemlenmek bilen, alymlaryň senagat-innowasion we maglumatlar-tehnologik häsiýetli anyk ugurlar boýunça netijeli, döredijilikli işlemegi, täze dünýagaraýyşly alymlaryň we hünärmenleriň nesliniň terbiýelenip ýetişdirilmegi üçin oňaýly şertler döredilýär.

       Ýurdumyzda yzygiderli häsiýetde geçirilýän köp sanly Halkara ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, ylym we tehnika, bilim ulgamy boýunça gazananlar bilen tanyşmaga, ylmy-innowasion işläp taýýarlamalaryň mümkinçiliklerini görkezmäge, şeýle hem, öňdebaryjy daşary ýurt kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň önümleri hem-de hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşmaga, pikir alyşmaga mümkinçilik bolup durýar.

       Türkmen ylmyny galkyndyrýan Gahryman Prezidentimiz ylma ak ýol açdy. Ýaşlar hemme­tarap­laýyn ylymly, bilimli bolmak mümkinçiliklerini döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, alyp barýan işleri rowaç bolsun !

 

Selbi ABDYRAHMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Ruhubelent etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar