Şu gün Arkadag şäheriniň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň, Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşy we «Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň Döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Geçirilen bu wagyz-nesihat çäresini Arkadag şäher Prokuraturasy, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirligi, Arkadag şäheriniň Milli howpsuzlyk müdirligi, Arkadag şäher Döwlet Migrasiýa gullugy, Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilelikde guradylar.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdir