TARYHYŇ ŞÖHRATLY SAHYPALARYNDA

       «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanly günlerinde ýene-de bir hoş habaryň şaýady bolduk. Döwlet Baştutanymyz çuňňur zehininden syzylyp çykan «Änew —müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etdi. Adyndan belli bolşy ýaly, täze kitapda geçmişde at-owazasyny äleme dolan gadymy Änew şäheri, onuň dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine goşan saldamly goşandy dogrusynda taryhy maglumatlar jemlenendir. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, Änew şäheri hem ajaýyp özgertmeleri başdan geçirýär. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriň mekanydygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bilen tanyşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramagynda Kerki etrabynyň edara-guramalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Änew — taryhyň şöhratly sahypalarynda» atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy Rozygül Haýtlyýewa, Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Selbi Ýazjumaýewa, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň mugallymy Aknabat Aşirowa çykyş etdiler. Çykyşlarda Änew şäheriniň, 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýeti barada giňişleýin söhbet etdiler. Tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  sagbolsunlar aýtdylar.

 

Atajan JORAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR