TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny hukuk taýdan  düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torundan peýdalanmak boýunça işi düzgünleşdirilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň we ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat etmek işlerini giň gerimde dowam edýäris. Şeýle çäreleriň birini ýaňy-ýakynda Köýtendag etrabynyň 59-njy orta mekdebinde hem geçirdik. Oňa etrap bilim we medeniýet bölümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Köýtendag etrap bilim bölüminiň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň temmäki önümlerini, neşe serişdelerini, spirtli içgileri we ynsanyň nerw ulgamyna zyýan ýetirýän beýleki içgileri we derman serişdeleri ulanmak ýaly zyýanly endiklerden uzakda bolmaklaryny, internet ulgamyndan netijeli peýdalanmak we Watan goragynyň mukaddesligini ýaş ýigitlere düşündirmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi.

      Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Tursuntaş IRGAŞOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR