Windows operasion ulgamy başda döranligi sebäpli uly meşhurlyk gazandy. Häzirki wagtda operasion ulgamlaryny (OS) saýlamak mümkinçiligi bar, ýöne ulanyjylaryň başdan Windows OS ulgamyny ulanyp başlandyklary sebäpli, Windows ulanmaklaryny dowam etdirýärler.
Bilermenler bolsa, Linux-y ulanýarlar. Onuň esasy 7 sany mümkinçilikleri barada belläp geçeliň:
Erkinlik
Linux üçin öndürilen programmalar seýrek goşmaça ädimleri talap edýär. Windows-daky programma üpjünçilikleri talap edilýän ygtyýarnama şertnamalar, programma üpjünçilikleriniň sada (demo) görnüşleri ýaly goşmaça kynçylyklar ýok.
Isleg talaby döredýär – bu düzgüne görä, wiruslaryň köpüsi Windows-da ýöriteleşip, ulanyjylaryň kompýuterlerine ýokuşýar, Linux-da bolsa bu mesele ýokdyr.
Linux-yň aýratynlygy gurnamak we hereket azatlygynyň has ýokary derejesidir, çäklendirmeler ýok diýen ýalydyr.
Mugt
Windows tölegli ulgam, GDA-nyň çäklerinde ony az adam satyn alýar. Ulanyjy hemişe garaşylýan netijäni getirmeýän OS göçürip almaly ýa-da programmalaryň işjeňleşdirme açarlaryny gözlemeli bolýar. Şol bir wagtyň özünde wiruslaryň ýokuşmak howpy ulydyr. Ol söwda ulgamynda, kärhanalarda windows ulgamlarynda gymmat tölegli bolan ygtyýarnamanyň satyn alynmagyny talap edilýär, programma üpjünçilikleriň talap edilýän ygtyýarnamalaryny satyn alynmadyk ýagdaýynda jerime tölemäge mejbur bolýarlar.
Linux bütinleý mugt bolup, öýde we kärhanalarda ulanylmagyna açyk çeşme bolup hyzmat edýär hem-de programmirleme dilleriniň köpüsini goldaýar.
Programma dilleriniň käbirleri Windows-da goldanylmaýar.
Linuxda C, C#, C ++, HTML, HTML5, CSS ( CSS3 ), PHP, Javascript, Java, Python we şuňa meňzeşlerde web çeşmelerini işläp düzeniňizde kömekçi gurallary ulanmakda kynçylyk ýüze çykmaýar.
Köp sanly Programma üpjünçilikler
Programmistleriň ählisi Linux-y ulanýarlar. Aslynda, bu ýerde gaty köp programmalar bar, ulanyjylaryň köpüsi bu ýerde halaýan programmalaryny ýa-da iň bolmanda şol bir işi ýerine ýetirmäge ukyply meňzeş başga programma üpjünçiligini tapmaga mümkinçilikleri bardyr.
Programmalar üpjünçiliklerinde ähli peýdaly goşmaçalary, amaly programmalary we hyzmatlary sanardan has köpdir. Köp sanly platformalar Linux-da has kämil işleýär we ýokary hilli programma üpjünçilikleriň sany köp mukdardadyr.
Gurnamak we ulanmak aňsat
Linux-y diňe giň programmirleme tejribesi bolan tejribeli hünärmenler ulanyp biler diýen pikir bar. Aslynda bu beýle däl. Hakykatdanam, Linux interfeýsine azajyk başgaça çemeleşýär, ýöne ulgamyň mümkinçiliklerini giňeldýär we Windows-yň işleýiş ýörelgesini has aýdyňlaşdyrýar.
Linux bilen ilkinji tanyşlykdan başlap, ony ulanmagyň kämilligine göz ýetirip bolýar.
Çäksiz mümkinçilikler
Linux-yň Ubuntu, Debian, Fedora ýaly görnüşli bolup, hersiniň aýratynlyklaryna we maksatlaryna görä saýlamak mümkinçiligi bar. Käbir serwerlerde Hosting, VDS, VPS kärendesine alnyp Linux-y gurnamak ýeňil bolýar. Kärendesine alnan serwerleriň tehniki mümkinçiligi kiçijik bolsada Linux-yň işleýiş tizligi ýokary derejede bolýar. Linux ulgamlaryny kiçijik enjamlardan başlap, uly serwerlerde hem ulanyp bolýar.
Talap
Sanly ulgam boýunça işleýän kärhanalarda Linux-a bolan talap kiçi kärhanalaryň bäsleşikli bazar gatnaşygynda güýçli kärhanalaryň arasynda mynasyp orunlaryny tapmaga ýardam berýär.
Linux-yň ähli artykmaçlyklary bular bilen çäklenmeýär. Linux-yň başga mümkinçiliklerini içgin öwrenip, kämilleşmekde onuň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagyňyzy maslahat berýäris.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam
we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri.