Jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry, gün-günden artyp barýan, maglumatlary ýygnamaklygy, döretmekligi, ýaýratmaklygy we ulanmaklygy amala aşyrýan maglumat düzümleriň emele getirýän maglumat gatnaşyklary bilen häsiýetlendirilýär. Maglumat gurşawy jemgyýetiň ýaşaýşynyň ulgam esasy bolup, syýasy, ykdysady, goranmak we howpsuzlygyň beýleki düzüm böleklerine has içgin täsir edýär. Köpçülikleýin kompýuterleşdirmek, iň täze maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmek babatda, şeýle hem bilimde, ylymda, söwdada, senagat önümçiliginde we beýleki gurşawlarda uly sepgitlere ýetildi.
Ýurdumyzda täze pudak emele gelýär, bu pudak maglumatlary döretmek, ýaýratmak, işläp taýýarlamak, ulanmak we sarp etmek serişdelerini we yzygiderlerini gurşap alýar. Belli bolşy ýaly, maglumat täze, döwrebap maglumat ulgamyny ösdürmek eýýamyna ädim äden adamzadyň umumy tükeniksiz çeşmesine öwrüldi. Şonuň üçin hem şu maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň esasy we wajyp meseleleriniň biri bolup çykyş edýär.
Maglumat alyş-çalyş ulgamynyň ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna görä, has çalt ösýän häzirki zamanynda Türkmenistanda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ençeme çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanda maglumat alyş-çalyş çygryndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kadalaşdyrylýar.
“Türkmenistanyň täjirçilik syry hakynda” Türkmenistanyň kanuny täjirçilik syryny düzýän habary bermegiň, peýdalanmagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär. “Elektron resminama hakynda” Türkmenistanyň kanuny elektron resminamalara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär, elektron resminamalary peýdalanmagyň hukuk esaslaryny belleýär, şeýle hem olaryň ulanylýan çygrynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda” Türkmenistanyň kanuny algoritmler, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny döretmek, hukuk taýdan goramak we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň kanuny köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär; köpçülikleýin habary ýygnamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini belleýär; köpçülikleýin habary taýýarlamagy we ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň, olaryň işini düzgünleşdirýän edaralaryň we žurnalistleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýär. “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň kanuny Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanyň çäginde internet-hyzmatlaryny etmek babatda işiň hukuk esaslaryny belleýär.
Maglumat alyş-çalyş ulgamyny demokratiýa we erkinlik ýörelgelerine laýyklykda kadalaşdyrmak hem-de bu ulgamyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak we hünärmen üpjünçiligini gowulandyrmak arkaly milli maglumat howpsuzlygy kämilleşdirilýär we pugtalandyrylýar.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri.