ÜNS BERIŇ BÄSLEŞIK!

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek, akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

      Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli umumybilim berýän mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň arasynda «Berkarar döwlet istärin» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

      Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerinde Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, Gahryman Arkadagymyzyň hasyl eden, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän ynsanperwer syýasaty, ýurdumyzyň belent ösüşlerini jemi 300 sözden az we köp bolmadyk möçberde beýan etmelidirler. Bäsleşige hödürlenýän eserler awtoryň özi baradaky maglumat bilen «7/24.tm: «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň e-mail: turkmenistansport@sanly.tm elektron salgysyna 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli iberilmelidir. Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli jemlener. Bäsleşikde iň gowy 6 sany makala saýlanyp alnar we 1-nji (1 sany), 2-nji (2 sany), 3-nji (3 sany) orunlar boýunça ýeňijiler kesgitleniler. Şeýle-de, işjeň gatnaşan ýaşlaryň 5-sine höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

      Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99365959547; +99312 22-81-38.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA