TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

      Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň medeniýet merkeziniň mejlisler jaýynda TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

      Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýene-de bir gymmatly eseriniň ýaşlaryň durmuşynda ýol görkeziji şamçyraga öwrüljekdigini uly buýsanç bilen nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň gadymy Änewiň buýsançly taryhyndan söhbet açýan ajaýyp kitaby hem milli mirasymyzy, geçmiş taryhymyzy giňden öwrenmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üç dilde neşir edilen «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby şöhratly taryhymyzy öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr.

      Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar bize nusgalyk mekdep bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny gymmatly eserleriniň höwriniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar