DÖREDIJI WE BAŞARJAŇ ÝAŞLAR

      Ýurdumyzda çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakda şeýle-de, medeni mirasymyzy, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijlik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem degişli işler durmuşa geçirilýär. Olary şöhratly pederlerimiziň milli ýörelgeleri we däp-dessurlary esasynda terbiýelemekde geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň hem ähmiýeti uludyr. Şu günler welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary uly dabara bilen geçirilýär.

      Golaýda Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda bu döredijilik bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyrynyň jemi jemlenildi. Oňa welaýat merkeziniň orta mekdeplerinde bilim alýan dörediji ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

      Bäsdeş gyzlar düzgünnama laýyklykda, el işlerini ýerine ýetirmek, halkymyzyň zergärçilik, külälçylyk we amaly-haşam sungatynyň inçeliklerini dowam etmek boýunça öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça küýzegärlik ugry boýunça Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bägül Şöhradowa, 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýnura Rustamowa, 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Anora Azamadowa dagylar ýeňiji diýlip yglan edildi. Milli el işini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aziza Artykowa, 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selbi Ezizowa we 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy Aýjeren Allaberdiýewa dagylar baýrakly orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

      Ýeňijilere uly üstünlikler arzuw edilip, TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2024 | 54 okalan

KÖŇÜLLERIŇ ŞAMÇYRAGY

24 Iýun 2024 | 36 okalan

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ARASYNDA

21 Iýun 2024 | 104 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI