Ýaşlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri döwletimiziň baş aladasydyr. Çünki ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygy, şadyýan gülküleri il abadançylygyndan, ýurt parahatçylygyndan nyşandyr. Çagalar biziň geljegimiz, olar ýurdumyzyň ertirki eýeleridir. Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek halkymyzyň gadymdan gelýän däpleriniň biridir.
Bedenterbiýe – bilim, terbiýe we bejeriş-sagaldyş wezipesini ýerine ýetirýär. Mekdepde bedenterbiýe dersi akyl, ahlak, estetiki terbiýe we hünärmenlik zähmet okuwy bilen berk arabaglanyşykda amala aşyrylýar. Ol ýaş nesilleri özbaşdak ýaşaýşa we öndürijilikli zähmete taýýarlamakda möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Bu dersleriň özi ýaş nesilleriň beden ösüşi bilen birlikde, olaryň saglygyny dikeltmäge hem täsir edýär. Kähalatlarda, okuwçylaryň köpüsiniň ýürek-damar, dem alyş, wegatatiw we endokrin ulgamlarynda bozulmalar bolýar. Miokarda gowşaklygy duýulýar, dem alşynyň ýygylygy, ululygy, sazlaşygy boýunça bozulan we ol dem alyş hereket ýüklenmesi bilen laýyk gelmeýär. Olar ösüşde, ýaşyna görä agramda yza galýarlar, göwresiniň gurluşy deň derejeli däl, göwresinde dürli kadadan çykmalar bolýar. Köplenç çagalaryň hereketinde bozulmalar duş gelýär, olar mekdep ýaşyna çenli uýgunlaşyp, durmuş şertlerinde bildirmeýär, ýöne uly fiziki agram düşende we çylşyrymly hereket etmeli ýumuşlarda ýüze çykýar.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda beden taýdan gowy ösen çagalar olaryň okuwa berk uýgunlaşmagy we aýratyn çemeleşmäniň zerurlygy bilen şertlendirilýär. Mugallym lukmanyň ähli maglumatlaryny bilmeli, işi mekdebiň lukmany bilen arabaglanyşyklylykda ýöretmeli, her bir sapakda okuwçylaryň saglyk ýagdaýyny bilmeli.
Mekdepde bedenterbiýäniň anyk wezipesi saglygy berkitmek we bedeni taplamak, göwräniň dogry kemala gelmegini gazanmak, amaly häsiýetli hereket etmek başarjaňlygyny we endikleri emele getirmek hem-de kämilleşdirmek bolup durýar. Şeýle hem, ol hereketiň aýratynlyklaryny, ýagny güýç, tizlik, çydamlylyk, çakganlyk häsiýetleri terbiýeleýär. Baş maksadyň bolsa, ýaş nesilleriň ýokary ahlak, tutanýerlilik, batyrgaýlyk, medeniýetli özüňi alyp barmak endiklerini, Watana söýgi, harby-watançylyk taýýarlyga ýardam bermek ruhunda terbiýelemek bolup durýandygy aýratyn bellärliklidir.
Gysga taryhy döwrüň içinde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, sport we bedenterbiýe ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkden tutulmagy, Aşgabatda we welaýatlarda häzirkizaman sport toplumlarynyň emele getirilmegi, bilim-terbiýe beriş edaralarynyň we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň täze binalarynyň düzüminde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga şertleriň döredilmegi, paýtagtymyzda halkara derejesindäki ýaryşlary guramaga mümkinçiligiň döredilmegi sport ulgamynyň barha ösýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň milletiň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn ösmegini üpjün etmegiň aladasy bilen ýaşaýandygynyň alamatydyr. Bu bolsa, adamlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşamaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär.
Güljemal OMAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň
matematika mugallymy, TMÝG-niň işjeň agzasy.