IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

     Golaýda şeýle baýramçylyk şygary astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Şabat şäherindäki 1-nji sport desgasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, baýramçylyk çäresini geçirdi. Sportuň giňden dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasy bolan bu çärä etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, bilim we sport ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler hem-de aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de, sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary guraldy. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi oňa gatnaşanlara ýatdan çykmajak bagtyýar pursatlary bagyş etdi.

 

Şeker HAÝTANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar