BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de Daşoguz şäher köpugurly hassahanasynyň KAIG-sy bilen bilelikde guramagynda, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşymyza ornaşdyrmagyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns merkezinde durýan esasy meseleleriň biridigini, saglygyň jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýändigini, “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini, keselleri anyklamakda, bejermekde we olaryň öňüni almakda dünýäniň iň öňdebaryjy usullarynyň, tejribeleriniň hem-de enjamlarynyň ulanylýandygyny, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň, raýatlara elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Meýlis ATAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar