TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ WATANY

     Golaýda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde, welaýat kitaphanasynda «Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň Watany» atly maslahat geçirdi. Bütindünýä saglyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen maslahata welaýatyň sport ulgamynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda ýurdumyzda üstünlikli dabaralanýan bedenterbiýe we sport syýasaty baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler saglygyň sakasynyň sport bilen meşgullanmakdygy, munuň üçin eziz Diýarymyzda ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaşlary sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä çekmekde, olaryň berk bedenli, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy barada giňişleýin hem-de buýsançly belläp geçdiler.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar