Saglyk – her bir adamzadyň başynyň täji, ähli hazynalaryň hem naýbaşysydyr. Biziň döwletimizde hem halkyň saglygy döwletiň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» döwlet Maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy barada edýän aladalarynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan halkyň saglygyny goramak we berkitmek boýunça Permanlardyr Kararlar yzygiderli kabul edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap saglyk öýleri, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri, sport toplumlary, suw howdanlary we meýdançalar gurlup, ulanylmaga berildi.
Däp bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda her ýylyň aprel aýynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik» şygary bilen biraýlyk geçirilýär. 7-nji aprelde bolsa ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Halkymyz sport çärelerine ýokary işjeňlikde gatnaşýar. Ähli welaýat merkezlerinde, paýtagtymyzda ýörişler guralýar.
Bize ýaşamaga, işlemäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Şamyrat PIRMÄDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.