Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz sportuň we sagdynlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak wezipesi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Eziz Diýarymyzda her bir raýatyň saglygyny berkitmegine, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna bagyşlanan çäreler üstünlikli durmuşa ornaşydyrylýar. Ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi raýatlarymyzda sporta gyzyklanma döredýär we türgenleriň arasyndan geljekki sport çempionlaryny ýüze çykarmaga, olary kämilleşdirmäge we höweslendirmäge ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň il-günümize peşgeş beren «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Sport – dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ruhlandyryjy kitaplary bolsa, ýaşlarda sporta bolan söýgüni we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýeleýär.
Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Mergen ÖWEZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.