GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň ägirt uly döredijilik we ruhy kuwwatyny artdyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýan halkara baýramy hökmünde Bütindünýä saglyk güni giňden dabaraly bellenilýär. Bularyň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrýar.

     Ata Watanymyzda halk üçin durmuşa geçirilýän her bir işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Esasan-da, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmegi üçin bedenterbiýe we sportuň hem uly ähmiýeti bardyr. Ýakynda Aşgabat şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli her ýylda geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Şeýle-de, ýörişiň geçirilen ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň çykyşlary ýörişe gatnaşýan ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy. Şeýle çäreleriň çäklerinde TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

     Duşuşykda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň işgärleri çykyş etdiler. Çykyş edenler häzirki döwürde halkymyzyň saglygyny ýurdumyzyň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde netijeli işleri amala aşyrýandygy, sagdyn döwletiň özenini düzýän sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bu günki günüň esasy wezipesi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşýanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe göwünleri buýsançdan doly biz – ýaşlar barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, bagtyýarlygymyzyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna amala aşyrýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Ajap BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 19 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 13 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR