Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmenistanly türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Şol sanda sportuň paralimpiýa görnüşi boýunça üstünlikli çykyş eden türgenler Hojaýew Muhammet, Matýakubowa Roza, Çaryýew Işkuwwat, Saparow Baýramgeldi hem sylagdan paý aldylar.
Bu türgenler 25-nji fewral — 8-nji mart aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan çykyş edipdiler. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar.
Sylaglara eýe bolan türgenler ýadygärlik surata düşüp, halkara ýaryşlarda gazanylan ýeňişleriň hormatyna ýaryş meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçdiler.
Şanly wakanyň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti, ýurdumyzyň türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.
Şu gezekki dabaraly çäre täze sport üstünlikleriniň oňyn başlangyjy boldy. Çünki türgenlerimiz erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan pugta erk-islegi bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, islendik derejedäki ýaryşlarda türkmen sportuna mynasyp wekilçilik etmäge ukyplydyrlar.