TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

      Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Änew şäherindäki Medeniýet öýünde toý ruhunda geçirilip, ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi welaýat häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýokary derejede gurady. Dürli kärlerde zähmet çekýän, orta we ýörite hünär okuw mekdeplerde bilim alýan ýaşlar oňa egsilmez şatlyk duýgusy bilen gatnaşdylar.

      Dabarada çykyş edenler Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gabatlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan we birnäçe bölümden ybaratdygyny, gymmatly maglumatlara baýdygyny buýsanç bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, gadymy Änew topragynyň buýsanmaga baý, şan-şöhratly taryhy bar. Onuň taryhyny öwrenmekde, şu günki ösüşlerine göz ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň halkymyza serpaý ýapan täze kitaby gymmatly gollanma, altyn hazyna bolup hyzmat eder. Baý taryhy maglumatlara salgylanýan, owadan suratlar bilen bezelen ajaýyp kitap ýaşyna garamazdan her bir adamda uly gyzyklanma döredýär.

      Aýdym-sazly çykyşlara utgaşan dabara gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy Änewiň taryhy şan-şöhratyny gaýtadan dabaralandyrýan, halkymyzy täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

 

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý

etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA